Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtda maşgala gurýandan maşgala bozýan köpelýär - çeşmeler


Türkmen toýy. Bezeg suraty
Türkmen toýy. Bezeg suraty

Azatlygyň çeşmeleri soňky döwürde durmuş gurýan ýaşlaryň arasynda döwlet edarasynda resmi ýagdaýda nikalaşman, köne türkmençilik esasynda, din wekilleriniň nika gyýmagynda durmuş gurýan jübütleriň barha köpelýändigini, munuň esasy sebäpleriniň biriniň ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaý, raýatlaryň Türkmenistanda ‘ýagty geljek’ görmezligi bilen baglydygyny aýdýarlar.

“Ahal welaýatynda durmuş gurýan ýaş çatynjalaryň arasynda mollalara nika gyýdyryp, resmi ýagdaýda ZAGS-dan geçmän, resmi nika şahadatnamasyny alman ýaşaýanlar köpelýär. Munuň ýaramaz taraplary bilen bir hatarda, gowulyk tarapynyň hem bardygyny aýdýarlar. Bu gowulyk esasan migrasiýa kynçylyklary bilen bagly” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir daşary ýurtlara çykýanlaryň sany köpelýär, adamlar ýaşap oturan jaýlaryny satyp, tutuş maşgala bolup, daşary ýurtlara gitmek kararyna gelmeli bolýar. Ýöne döwlet, ilaty ýurtda saklamak üçin iş ýerlerini döretmän, maşgala bolup ýurtdan gidýän adamlaryň öňünde bikanun, emeli kynçylyklary döredýär.

'Musulman nikasynyň' gowy taraplary

“Häzir bir maşgaladan bir adam ýeňillik bilen ýurtdan çyksa, şol maşgalanyň ikinji agzasy migrasiýa gullugyna baranda, Türkmenistandan çykarmazlyk üçin, oňa ‘bolanok’ diýip, emeli kynçylyk döredýärler. Hut şu ýagdaý hem ýaş çatynjalary musulmançylyk nikasynda durup, kanun esasynda resmi, zags nikasyndan geçmekden saklaýar” diýip, aýratynlykda gürleşilen başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Ol özüniň häzir aýaly bilen kanun esasynda nikalaşmandygyny, sebäbi munuň daşary ýurtlarda işläp, gowy okuw jaýlarynda bilim alyp, gowy ýaşamak üçin iň aňsat ýol bolup durýandygyny aýtdy.


“Men resmi nikadan geçmesem, aýalym bilen gürleşip, migrasiýa gullugyna är-aýaldygymyzy aýtman, okuwa diýip, bile ýurtdan çykyp bilýärin. Molla nikasy bize uly mümkinçilik bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi on müňlerçe türkmen raýatynyň indi köp ýyllap daşary ýurtlarda, maşgalasyndan aýraçylykda galýandygyny, bu ýagdaýyň uly agzalaçylyga, çagalaryň ene-ata mährini alman ösmegine, maşgalalaryň bozulmagyna, çagalaryň ene-ataly ýetim galmagyna getirýändigini hem sözüne goşdy.

“...resmi zags nikasyndan geçmän, nirede zähmet çeksegem, ýokary bilim alsagam, ýaşasagam, musulmançylyk nikasynda durup, öz aýalym, adamym, çagalarym bilen bile ýaşaýaryn. Tapawudy ýok, haýsy ýurtda bolsun, esasy zat biz bitewi bir maşgala bolup, bir ýerden örmeli, bir saçakdan naharlanmaly” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen bir zenan aýtdy.

Beýleki bir tarapdan, söhbetdeşlerimiziň aýtmaklarynda görä, resmi nikasyz ýaşamagyň özüne ýetesi kynçylyklary hem bar.

Sözünde durmaýan erkekler we çäresiz gelinler

Daşary ýurtlarda resmi nikasyz, musulmançylyk nikasy esasynda ýaşap, çagalary bolan maşgalalar soň Türkmenistana gelenlerinde, kähalatda oglanyň hossarlary oňa “ýurt daşynda tapan gyzyň bize gerek däl” diýýärler, ýa-da oglan öz çagasyna “bu meniň çagam däl” diýip, müňkür bolup, öň bir otagda bile ýaşan aýaly bilen resmi nikadan geçmekden ýüz öwürýär.

Daşary ýurtda bile ýaşan gelnini öz ene-atasynyň ýaşap oturan öýüne hasaba almakdan boýun gaçyrýan ýigitler hem az bolmaýar diýip, bu ýagdaýlary ýakyndan synlan çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ençeme aýal maşgala, bir ýa iki çagasy bilen kazyýete baryp, çagalarynyň kakasy bilen 6-7 ýyllap bir otagda ýaşandygyny, emma onuň indi bu ýagdaýy boýun alman, çagalaryndan ýüz öwürýändigini aýdýar.

Bu hili ýagdaýa düşen aýallar “bize kanun esasynda çözgüt tapyp beriň, çagalarym bilen aldanan, ejir çekenleriň hatarynda goýup, aýratyn, 1-2 otagly bolsa-da, çagalarym bilen arkaýyn ýaşamaga jaý, 6 sotuk bolsa-da mellek ýer, çagalar üçin kömek, pasobiýa pul alyp bermegiňizi soraýaryn” diýip, arz edýärler.

Öň bile ýaşap, soň maşgalasyndan, çagalaryndan ýüz öwren erkege çäre görülmegini, onuň häzir ýaşaýan öýünden özüne, çagalaryna düşýän jaý paýyny almak üçin arz edýän eneler hem köpelýär diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle eneleriň biri habarçymyza öz tejribesini gürrüň berdi:

“Men kazyýete hem arz etdim, umuman, barmadyk gapym galmady. Men aslynda Belarusa ýokary okuw jaýynda bilim almaga gitdim. Soň özüm ýaly talyp oglana duşdum we birek-birek bilen musulman nikasyndan geçip, bir otagda ýaşamaga başladyk. Ýyllar geçdi, çagamyz boldy. Ol meni we öz çagalaryny gaty gowy görýärdi, gaty jogapkärçiliklidi. Ilkibaşda, göwreli bolanymda, men ‘çagamy aýyrdaýynmy?’ diýip soradym. Ol ‘ýok, samsykmy sen, ol meniň çagam, men ene-atama aýtdym, olar razy’ diýdi.”


Ol öz ene-atasynyň ilki öz gyzlarynyň Belarusda duşan ýigit bilen durmuş gurmagyna razy bolmandygyny, emma soň, ýyllar geçip, agtyklaryny görkezeninden soň, olaryňam razy bolandygyny, Türkmenistana barsak, resmi nikadan geçeris, bankdan ýaş çatynjalara ýeňillikli berilýän kredit alarys, jaý alarys... diýip, bir topar gowy arzuw edendigini gürrüň berdi.

Ýöne onuň özünden 4 aý öň Türkmenistana gaýdan we maşgala bolup ýaşamak üçin ähli şerti döretmegi wada beren adamsy, ene-atam razy däl diýip, iki çagaly maşgalasyndan ýüz öwürýär.

“...maňa kömek gerek diýsem, ähli gapy ýapylýar. Men indi täzeden, iki çagam bilen öz ýurduma sygman, daşary ýurtlara gitmekçi bolýaryn, başga çykalgam ýok. Häzir bir adwokat ‘gerekli subutnamalar bolsa, ýagny bile ýaşandygyňy subut edýän suratlar, sms ýazgylar, telefon jaňlary, onuň kartyndan çagalara satyn alnan azyk we egin-eşikleriň çegi, DNK barlagy bolsa, çözüp bolýar, ýöne, hany biziň ýurdumyzda kanun barmy’ diýdi. Belarusda gaty arkaýyn, özümi we çagalarymy goragly duýup ýaşadym, häzir her gün Türkmenistana gelenime puşman edip aglaýaryn” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran gelin aýtdy.

Maşgalasyny 'bitewi saklaýan' är-aýallar

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlar internetde paýlaşylýan ýaramaz ýagdaýlaryň durmuşda hakykatda bolýan ýaramaz ýagdaýlaryň kiçijik, ujypsyzja bir bölegidigini, häzir Türkmenistanda maşgala guraýanlardan maşgala bozýanlaryň has känelendigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, erkegi deport bolsa, onuň ýerine aýaly daşary ýurda gidip, maşgalany ekleýän, bitewi saklaýan adamlar hem bar diýip, Azatlygyň çeşmeleri aýdýar.

Aýrylyşmadyk maşgala bolsalar-da, müňlerçe eje, kaka birnäçe ýyllap bile ýaşap, bir saçakdan çörek iýip bilmeýär, biri ýurda girse, beýlekisi daşary ýurda çykyp gidýär diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.

Häzir daşary ýurtda köp ýyllap işlän adam Türkmenistandaky hojalygyna ‘men işläp, halys ýadadym, çagalarymy göresim gelýär, ine, ýakyn wagtda barjak’ diýse, onuň gelýändigine begenmelimi ýa-da gynanmalymy, şuny bilip bilmeýärler, ilkinji aýdylýan söz ‘eger-de sen gelseň, soň çykyp bilersiňmi?’ diýip soraýarlar. Ol ‘men indi barsam, gitjek däl, halys çynym, men ýadadym’ diýse, ‘gaýrat et, ýene 1-2 ýyl gelme, gelseň çagalaryňy kim eklesin, göresiň gelse, ýanyňa çek, äkit’ diýýärler diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary, agyr işsizligi, bozulýan maşgalalar, ýetim galaýan çagalar baradaky aladalary resmi taýdan boýun almaýar, türkmen metbugaty bu meseleler barada dymmaly bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Forum

XS
SM
MD
LG